Müsür hüjümçisiniň şahsyýeti anyklandy

Müsürde ýekşenbe güni 2 aýry ybadathana guralan terrorçylykly hüjümleriň Iskenderiýe şäherindäki kamikaze hüjümçisiniň şahsyýeti anyklandy

712170
Müsür hüjümçisiniň şahsyýeti anyklandy

Hüjümçiniň 31 ýaşly Mahmud Hasan Mübarek Abdullahdygy habar berildi.

1986-njy ýylda Müsüriň günortasyndaky Kina welaýatynda dogulan hüjümçiniň şahsyýeti DNK testi bilen ýüze çykaryldy.

Bir nebit kärhanasynda işländigi mälim edilen Abdullahyň terror guramasy bilen arabaglanşygy bardygy habar berildi.

Beýleki tarapdan bolsa howpsyzlyk güýçleriniň Iskenderiýedäki bilen şol bir gün guralan beýleki terrorçylykly hüjümi guran adamyň şahsyýetini anyklamaga synanyşýarlar.

Müsürde geçen hepdäniň ýekşenbe güni Tanta şäherindäki ybadathanalaryň birinde partlama boldy. Ilkinji wakada 50-ä golaý adam ýogaldy, 100-den gowrak adam ýaralandy.

Partlamadan birnäçe sagat soň Iskenderiýe şäherindäki ybadathanalaryň birine hem kamikaze hüjümi guraldy.

Ikinji hüjümde bolsa 16 adam ýogaldy, 41 adam bolsa ýaralandy.

Hüjümiň jogapkärçiligini terror guramasy DAIŞ öz üstüne aldy.

 



Degişli Habarlar