Siriýanyň demirgazygyna fosfor bombasy bilen hüjüm guraldy

Siriýanyň demirgazygyndaky Halabyň Daret Izze etrabyna fosfor bombasy bilen guralan hüjümde 3 adam ýaralandy

712209
Siriýanyň demirgazygyna fosfor bombasy bilen hüjüm guraldy

Halabyň günbataryndaky Daret Izzedäki resmilerden Suphi Arif: "Russiýa degişli uçar diýip çak etdigimiz harby uçar etrapda asuda ilatyň ýaşaýan ýerilerine fosfor bombasy bilen hüjüm gurady" diýip habar berdi.

Hüjümiň oppozisionerleriň gözegçiligi astyndaky sebite düýn gije guralandygyny bellän Arif howa hüjümlerinden soň ýangyn ýüze çykandygyny we kynçylyk bilen söndürilendigini mälim etdi.

 

 



Degişli Habarlar