Malala Ýusufzaý BMG-nyň parahatçylyk ilçisi hökmünde bellendi

Nobel parahatçylyk baýragynyň eýesi Malala Ýusufzaý gyzlaryň bilim almagy meselesinde BMG-nyň parahatçylyk ilçisi hökmünde bellendi

710013
Malala Ýusufzaý  BMG-nyň parahatçylyk ilçisi hökmünde bellendi

Malala Ýusufzaýyň BMG-nyň parahatçylyk ilçisi hökmünde bellenmegi mynasibetli BMG-da dabara geçirildi.

Dabara Malala Ýusufzaý bilen birlikde BMG-nyň Baş sekretary Antonio Guterres, diplomatlar, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri we okuwçy gyzlar gatnaşdy.

BMG-nyň Baş sekretary Guterres dabarada eden çykyşynda Malalanyň esasan hem bosgun düşelgelerindäki gyzlaryň bilim almagy üçin edýän tagallasy hakynda öwgüli sözler aýtdy.

Malalany “gahryman” hökmünde häsiýetlendiren Guterres Malalanyň gyzlaryň bilim almagy üçin edýän tagallasynyň BMG-nyň maksadyna uly goşant goşjakdygyny belledi.

Malala Ýusufzaý hem çykyşynda bilimiň ähli çagalaryň esasy hak-hukugydyny nygtady.

 



Degişli Habarlar