ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Asada “ol haýwan” diýdi

ABŞ-nyň Prezidenti Tramp ölen bäbejikler sebäpli Siriýa howa hüjüminiň guralmagy hakynda görkezme berendigini aýtdy

710980
ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Asada “ol haýwan” diýdi

Prezident Tramp Foks Business kanalyna beren beýanatynda Siriýanyň hökümetine degişli Şaýrat howa bazasynyň nyşana alynmagy etaby hakynda gürrüň berdi.

Tramp “Asad himiki ýarag ulanmazdan ozal şeýle karar kabul edilen bolsady has ýerlikli bolardy” diýdi.

ABŞ-nyň Siriýa uly göwrümli harby operasiýa guramagy barada pikir etmeýändigini aýdan Tramp “Siriýa girmeýäris emma ynsanlaryň şol elhenç himiki ýarag unanandyklaryny we bäbejikleriň kakalarynyň gujagynda ölendigini gören badyma Goranmak ministrim general Mattise telefon etdim we nämeler edip biljekdigimizi soradym” diýdi.,

Dünýädäki iň erbet diktatorlaryň hem Asad ýaly himiki ýaraglar bilen ynsanlary nyşana alyp bilmejekdigini aýdan Tramp “Ynsanlaryň üstüne himiki ýaraglary we barrel bombalary atan mahalyňyz şol çagalaryň elsiz-aýaksyz galandygyny görýärsiňiz diýdi we şol hüjümi guran Asady nazarda tutmak bilen “Ol bir haýwan” diýdi.

ABŞ-nyň Prezidenti Russiýanyň Asada berýän goldawyny hem tankyt etdi we “Putin hakykatdan hem gaty erbet adama goldaw berýär. Bu hem Russiýa, hem adamzat hem-de dünýä üçin gaty erbet” diýdi.

 


Etiketkalar: #Donald Tramp , #bäbek , #Siriýa , #Asad

Degişli Habarlar