Idlib şäheriniň Hiş etrapçasynda guralan howa hüjüminde 10 adam ýogaldy

Siriýada oppozisionerleriň gözegçiligi astyndaky Idlib şäheriniň Hiş etrapçasynda guralan howa hüjüminde 10 adam ýogaldy

708021
Idlib şäheriniň Hiş etrapçasynda guralan howa hüjüminde 10 adam ýogaldy

Hüjümde köp sanly adamyň ýaralanandygy, ýaralananlaryň arasynda Han Şeýhuna guralan himiki hüjümden soň Hişe sygynan asuda ilatyň bardygy nygtalýar.

Hüjümde ýaralananlaryň etrapçadaky hassahanalarda bejergi alýandygy bellenildi.

Siriýanyň hökümeti 4-nji aprelde sişenbe güni Idlib şäheriniň Han Şeýhun etrapçasynda guran hüjüminde himiki ýarag ulanypdy.

Hüjümde zenanlar we çagalar bilen birlikde asuda ilatdan 100 adam ýogalypdy, 500 adam hem ýaralanypdy.

 



Degişli Habarlar