Fransiýa BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşinden Siriýada babatynda bir karara garaşýar

Fransiýanyň Daşary işler ministri Žan-Mark Aýro Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsyzlyk geňeşinden Siriýa babatynda bir karara garaşýandyklaryny habar berdi

707118
Fransiýa BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşinden Siriýada babatynda bir karara garaşýar

Ministr Aýro: “Fransiýa BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşindäki hyzmatdaşlary bilen, esasan hem Russiýa başda bolmak bilen hemişelik wekiller bilen bu meseläni ara alyp maslahatlaşmak isleýär” diýdi.

Ilkinji etabyň BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşiniň kararyny almak we ondan soň Ženewadaky parahatçylyk gepleşiklerini başlatmakdygyny bellän Aýro ABŞ-dan Siriýa babatynda gelýän ýüzlenmeleriň anyk däldigini, ýurdyň Döwlet sekretary Reks Tillersonyň we Goranmak ministri Jim Mattisiň tapawutly zatlar aýdýandygyny habar berdi.

Aýro: “Asadyň eden günäleriniň jezalary berilmeli. Halkara kazyýetiň Başar Asad barada aýtjaklarynyň wagty geler” diýdi.

Fransiýa Asadyň parahatçylyk gepleşiklerine gatnaşmaly däldigini we wezipesinden çekilmelidigini belleýär.


Etiketkalar: #Fransiýa , #BMG , #Asad , #ABŞ , #karar

Degişli Habarlar