Hytaýdaky tokaý ýangynlarynda 4 adam ýogaldy

Hytaýyň demirgazygyndaky Şanşi welaýatyndaky tokaý ýangynlarynda 4 adam ýogaldy

705620
Hytaýdaky tokaý ýangynlarynda 4 adam ýogaldy

Şinhua habarlar gullugy Taýgu etrabynda ýüze çykan ýangyny söndürmek üçin sebite giden ýangyn söndürijileriň 4-siniň ýangyn söndürýärkäler ýogalandygyny habar berdi.

Geçirilen derňew işleriniň netijesinde ýangynyň Ölüler baýramyny belläp geçmek üçin pullaryň ýakylmagy sebäpli ýüze çykandygy mälim boldy.

Pullary ýakan adam göz tussaglygyna alyndy.

Hytaýlylar Ölüler baýramynda ýakynlarynyň we dostlarynyň jaýlanan ýerlerine barýarlar, daş töweregi arassalaýarlar, mazaryň üstündäki ýazgylary ýaňadandan ýazýarlar, gül desselerini goýýarlar we ýogalan adamlary hatyralaýarlar.

Ynançlaryna görä ýogalanlar ol dünýede aç we pulsyz galmasyn diýip mazarlara nahar we suw goýýarlar we kagyz pul ýakýarlar.

 


Etiketkalar: #Hytaý , #tokaý , #ýangyn

Degişli Habarlar