Siriýada hassahana howa hüjümi guraldy

Howa hüjüminde 10 adam ýaralandy

704213
Siriýada hassahana howa hüjümi guraldy

Siriýanyň Türkiýe serhedinde oppozisionerleriň gözegçiligi astyndaky Idlib welaýatynda hassahana howa hüjümi guraldy.

Howa hüjüminde 10 adam ýaralandy.

Hüjüm sebäpli hassahana hatardan çykdy.

Maret An Numan etrabyndaky hassahana Türkiýe wagty bilen 19.00-da harby uçarlar tarapyndan hüjüm guraldy.

Hüjümiň Russiýa degişli harby uçarlar tarapyndan guralandygy öňe sürülýär.

Maret An Numan etrabyndaky hassahana geçen ýylyň fewral aýynda hem howa hüjümi guralypdy.

 



Degişli Habarlar