Kolumbiýada sil apatynda ýogalan adamlaryň sany 250-adamdan geçdi

Sebite ýagan aşa köp ýagyş Mokoa, Mulato we Sankoýako derýalarynyň daşmagyna sebäp boldy

704376
Kolumbiýada sil apatynda ýogalan adamlaryň sany 250-adamdan geçdi

Kolumbiýanyň Prezidenti Huan Manuel Santos ýurdyň günorta-günbataryndaky Putumaýo sebitinde bolan sil apatynda we ýeriň süýşmegi netijesinde ýogalan adamlaryň sanynynyň 254-e ýetendigini mälim etdi.

Santos sosial media hasabyndan beren beýanatynda aşa köp ýagan ýagyşlar sebäpli bolan ýeriň süýşmegi netijesinde Mokoa şäherinde käbir etrapçalaryň ýok bolandygyny habar berdi.

Ýogalanlaryň 44-siniň çagadygyny bellän Santos 1000-den gowrak esgeriň we polisiýa işgäriniň sebitde gözleg we halas ediş işlerine gatnaşýandygyny beýan etdi.

Ýeriň aşagyndaky soňky adamyň çykarylýança çenli gözleg we halas ediş işleriniň dowam etjekdigini aýdan Santos Mokoa şäheriniň ýaňadandan guruljakdygy barada söz berdi.

Aşa ýagýan ýagyşlar we ýollaryň ýeriň süýşmegi netijesinde ýapyk bolmagy halas ediş işlerini kynlaşdyrýar. Sebitde elektrik toklar hem ýok.

Sebite ýagan aşa köp ýagyş Mokoa, Mulato we Sankoýako derýalarynyň daşmagyna sebäp boldy we şenbe güni ýeriň süýşmegi netijesinde Mokoa şäherindäki käbir etrapçalaryň kartadan ýok bolmagyna eltdi.



Degişli Habarlar