Awstriýa Ýewropa Bileleşigi programmasyndan çykmak isleýär

Awstriýa her ýyl belli bir mukdarda bosgunlary almak barada şert öňe sürýän Ýewropa Bileleşigi programmasyndan çykmak isleýär

701703
Awstriýa Ýewropa Bileleşigi programmasyndan çykmak isleýär

Awstriýanyň Premýer ministri Kristian Kern Ministrler kabinetiniň mejlisiniň maslahatyndan soň metbugat işgärlerine beren beýanatynda: “Ähli şertleri şonsyzam ýerine ýetirýän Awstriýa üçin bir ýeňillik döredilmelijekdigine ynanýarys. Muny Ýewropa Komissiýasynda ele alarys” diýdi.

2015-nji ýylda ÝB tarapyndan kabul edilen programma görä Awstriýa 2015-nji ýylda Italiýadan 460 we Gresiýadan bolsa 1400 bosguny almaga borçly.

2015-nji ýylda 90 müň bosguny kabul eden Awstriýa bolsa özleriniň şonsyzam iň köp bosgun kabul eden ýurtlaryň biridigini we ondan köp bosgun almak islemeýändiklerini belleýär.

Awstriýada her 1 million raýatyň paýyna 4587 bosgun düşýän bolsa, Awstriýanyň bosgun almaga borçly Italiýda her 1 million italiýan raýatyň paýyna bolsa 1998 bosgun düşýär.



Degişli Habarlar