Tillerson NATO-nyň aprel aýynyň 5-6-sy aralygynda Brýusselde geçiriljek maslahatyna gatnaşmaýar

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Rexs Tillerson NATO-nyň aprel aýynyň 5-6-sy aralygynda Belgiýanyň paýtagty Brýusselde geçiriljek maslahatyna gatnaşmaýar

696562
Tillerson NATO-nyň aprel aýynyň 5-6-sy aralygynda Brýusselde geçiriljek maslahatyna gatnaşmaýar

Tüllersonyň şol günlerde Russiýada saparda boljakdygy sebäpli NATO-nyň maslahatyna gatnaşyp bilmejekdigi nygtaldy.

Amerikan hökümeti Tillersonyň maslahata gatnaşmagy üçin NATO-dan maslahatyň geçiriljek wagtynyň üýtgedilmegini isledi.

ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygynyň  metbugat geňeşçisi wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirýän Mark Toner,  ABŞ-nyň NATO goldaw berýändigini emma  Döwlet sekretary Tillersonyň Russiýa gurajak resmi sapary sebäpli NATO agza ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň maslahatyna gatnaşyp bilmejekdigini aýtdy.

Toner maslahatyň geçiriljek wagtynyň üýtgedilmegini teklip edendiklerini belledi.

Beýleki tarapdan Ak Tam tarapyndan berlen beýanatda Prezident Trampyň  NATO agza ýurtlaryň döwlet we hökümet başlyklarynyň 25-nji maýda Belgiýanyň paýtagty Brýusselde geçiriljek maslahatyna gatnaşjakdygy ýatladyldy.

Tramp bilen NATO-nyň Baş sekretary Stoltenbergiň 12-nji aprelde Ak Tamda duşuşjakdygy bellenildi.

 



Degişli Habarlar