Mosulda öýlerini terk edenleriň sany 335 müňe ýetdi

Yragyň Mosul şäherinde terror guramasy DAIŞ-e garşy guralýan operasiýalar sebäpli öýlerini terk edenleriň sany 335 müňe ýetdi

695220
Mosulda öýlerini terk edenleriň sany 335 müňe ýetdi

Mosulyň DAIŞ-den halas edilen gündogar we günorta etrapçalarynda öýlerine gaýdyp gelenleriň sany hem 81 müňe ýetdi.

Yragyň Ýarym gyzylaý jemgyýetiniň başlygy Iýady Rafid Anadoly habarlar gullugyna beren beýanatynda Mosulyň gündogarynda dowam edýän çaknyşyklar sebäpli öýlerini terk eden asuda ilatyň ýagdaýynyň gün saýyn agyrlaşýandygyny belledi.

Rafid “Çaknyşyklar sebäpli öýlerini terk edýänleriň sany barha köpelýär. Amatsyz howa şertleri hem ýagdaýy has-da agyrlaşdyrýar”diýdi.

Yragyň howpsyzlyk güýçleri 2014-nji ýylyň iýun aýyndan bäri terror guramasy DAIŞ-iň gözegçiligi astynda bolan Mosulyň halas edilmegi üçin 2016-njy ýylyň 17-nji oktýabryndan bäri operasiýa guraýar.

Ýanwar aýynda Musulyň gündogaryny terrorçylardan saplan yragyň ýaragly güýçleri 19-njy fewraldan bäri hem şäheriň günbatarynyň DAIŞ-den yzyna alynmagy üçin operasiýa guraýar.

 

 



Degişli Habarlar