Meksikada köpçülikleýin mazar tapyldy

Meksikada ýüze çykarylan köpçülikleýin mazarda 250 adamyň kelle çanagy bar

691954
Meksikada köpçülikleýin mazar tapyldy

Werakruz ştatynyň Respublikan prokurory Jorj Winkler ýerli metbugata beren beýanatynda şäheriň golaýynda tapylan köpçülikleýin mazarda 250 adamyň kelle çanagynyň çykarylandygyny mälim etdi.

Kelle çanaklaryň ençeme ýyl ozal neşe söwdasyny edýän adamlar tarapyndan öldürilip gömülen adamlara degişlidigini pikir edýändiklerini aýdan Winkler mazaryň nädip tapylandygy barada bolsa maglumat bermedi.

Winkler sebitde has hem köp adamyň gömülen bolmagynyň ähtimaldygyny belledi.



Degişli Habarlar