NATO bilen Russiýanyň arasynda ilkinji ýokary derejeli telefon söhbetdeşligi geçirildi

NATO-nyň 2014-nji ýylda Russiýa bilen gatnaşyklaryň saklanmagy kararyndan soň taraplar arasynda ilkinji ýokary derejeli telefon söhbetdeşligi geçirildi

684135
NATO bilen Russiýanyň arasynda ilkinji ýokary derejeli telefon söhbetdeşligi geçirildi

Russiýanyň Baş ştabynyň başlygy Waleri Gerasimow NATO-nyň Harby komitetiniň başlygy Petr Pawel bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Russiýanyň Goranmak ministrliginden berlen beýanata görä, Gerasimow bilen Pawel telefon söhbetdeşliginde Ýewropa ýurtlary bilen Russiýanyň arasyndaky dartgynlygyň azaldylmagy hakynda pikir alyşdy.

Gerasimow bilen Paweliň şeýle hem NATO bilen Russiýanyň arasyndaky harby hyzmatdaşlygyň ýaňadandan başlamagy, NATO-nyň wekilleriniň Russiýanyň Goranmak ministrligi tarapyndan geçirilýän halkara çärelere gatnaşmagy barada pikir alyşandygy ýatladyldy.

Gerasimow telefon söhbetdeşliginde NATO-nyň rus serhedindäki harby hereketleriniň özlerini biynjalyk edýändigini belledi.

NATO 2014-nji ýylda Ukraina bilen başdan geçiren krizisi we Krymyň anneksiýasy sebäpli Russiýa bilen edýän gatnaşyklaryny saklapdy.

 



Degişli Habarlar