BMG Halapda adam hukuklaryna edilen äsgermezçilikler barada habarnama taýarlady

Habarnamada ähli taraplaryň harby jenaýat edendigi nygtalýar

682933
BMG Halapda adam hukuklaryna edilen äsgermezçilikler barada habarnama taýarlady

BMG-niň Derňew topary Siriýanyň Halap şäherindäki gabaw döwründe edilen harby jenaýatlar we adam hukuklaryna edilen äsgermezçilikler barada habarnama taýarlady.

Habarnamada beýan edilmegine görä şäherde çaknyşan ähli taraplar harby jenaýat etdi.

BMG-niň Deňew topary Halapdaky gabaw döwründe başdan geçirilenler baradaky habarnamasyny tamamlady.

Habarnamada ähli taraplaryň harby jenaýat edendigi nygtalýar.

Asuda ilatyň göçürilmegi barada bolsa “başga ýere göçmäge mejbur etme jenaýatynyň” edilendigi bellenilýär.

Habarnamada sentýabr aýynda BMG-niň Halaba ynsanperwer kömegine guralan hüjüme üns çekilýär.

14 sany ynsanperwer işgäriniň ýogalmagyna sebäp bolan hüjümiň hökümete degişli güýçler tarapyndan bilkastlaýyn öldürilendigi beýan edilýär.

Russiýanyň we Siriýanyň hökümetiniň iýul-dekabr aýlarynyň aralygynda Halabyň gündogaryny yzgiderli bombalandygyna üns çekilýär.

2016-njy ýylyň dowamynda hökümete degişli güýçleriň dik uçarlarynyň sebite düzüminde hlor gazy bolan bombalary taşlandygyny mälim edilýär.

Ilatyň gür bolan ýerlerinde kaset bombalaryny giňden ulanandygy nygtalýar.

BMG-niň Halap baradaky habarnamasynda Russiýanyň harby jenaýat işländigi barada anyk bir zadyň aýdylmazlygy ünsleri çekdi.

Habarnamada Fetih Jephesi guramasynyň asuda ilaty galkan hökmünde ulalandygy beýan edildi.

 



Degişli Habarlar