Ženewa gepleşikleri 10 aý soň şu gün başlaýar

“Gepleşiklerden netije alynmagyna garaşýaryn”

678221
Ženewa gepleşikleri 10 aý soň şu gün başlaýar

 

Siriýa parahatçylyk gepleşikleriniň 4-njisi Şweýsariýanyň Ženewa şäherinde 10 aý soň şu gün başlaýar.

Gepleşiklerde hüjümleriň bes edilmegi hakyndaky ylalaşyk we konstitutsiýanyň täze tekstiniň taýarlanmagy meselesi ara alnyp maslahatlaşylar.

Siriýada 6 ýyldan bäri dowam edýän içerki urşuň bes edilmegi maksady bilen taraplar BMG-nyň ýolbaşçylyk etmeginde Ženewada duşuşar.

Gepleşiklere gatnaşmak üçin Ženewa giden oppozisionler hökümetiň wekilleri bilen göniden gepleşik geçirmek isleýändiklerini mälim etdi.

BMG-nyň Siriýa boýunça ýörite wekili Steffan de Mistura gepleşikleriň öňüsyrasynda beren beýanatynda “Gepleşiklerden netije alynmagyna garaşýaryn” diýdi.

 



Degişli Habarlar