Trampyň aýdany dogry çykdy

Ýüze çykan çaknyşykda polisiýa gullugynyň 1 işgäri ýaralandy

677093
Trampyň aýdany dogry çykdy

Şwesiýanyň paýtagty Stokgolm şäheriniň Rinkeby etrapçasynda ýaşaýan bosgunlar düýn agşam polisiýa gullugynyň işgärleri bilen uruşdylar.

Gozgalaňda daşlar bilen hüjüm guralan, ulaglary ýakylan polisler bosgunlara od açdylar.

Rinkeby etrapçasyndaky wakalar düýn agşam polisleriň gözlegde bolan 1 adamy metro bekedinde tussag etmek islän mahaly ýüzleri maskaly adamlaryň polisiýa işgärlerine daş zyňmaklary bilen başlady.

Demonstrantlar ençeme ulagy ýakyp, ençeme dükkany bolsa taladylar.

Ýüze çykan çaknyşykda polisiýa gullugynyň 1 işgäri ýaralandy.

Şwesiýada düý bolan waka ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň: “Şwesiýada näme bolandygyny gördüňizmi? Olar köp sanda bosguny kabul edipdiler we başlaryna şular geldi” diýen sözlerini ýada düşürdi.


Etiketkalar: #Şwesiýa , #Tramp , #Stokgolm , #ABŞ , #bosgun

Degişli Habarlar