Pakistanda guralan hüjümde azyndan 75 adam ýogaldy

Ýaralanan ençeme adamyň bolsa ýagdaýy agyr

674258
Pakistanda guralan hüjümde azyndan 75 adam ýogaldy
dışişleri, kanada cami saldırı kınama.jpg

Pakistanyň günortasyndaky Sind welaýatyndaky aramgähleriniň birinde guralan kamikze hüjüminde ilkinji kesgitlemelere görä 75 adam ýogaldy, 150 adam ýaralandy.

Sind welaýatynyň Içeri işler müdürliginden alynan maglumata görä Sehwan Şerif şäherindäki Lal Şahbaz Kalandaryň aramgähinde bolan partlamada ýogalan adamlaryň arasynda çagalar we zenanlar hem bar.

Ýaralanan adamlaryň ýagdaýlary bolsa agyr.

Hüjümiň jogapkärçiligini terror guramasy DAIŞ öz üstüne aldy.

Pakistanyň Premýer ministri Nawaz Şerif we ýurduň Içeri işler ministri Çodri Nisar Ali Han beren beýanatlarynda hüjümi berk ýazgarýandyklaryny bellediler.

Türkiýäniň hökümeti hem Pakistanyň Sind welaýatynda guralan hüjümi berk ýazgardy.

Türkiýe tarapyndan berilen beýanatda Türkiýäniň dost we dogan ýurt Pakistana terrora garşy göreş babatynda berýän goldawyny dowam etdirjekdigi habar berildi.



Degişli Habarlar