Donald Tramp bilen duşuşan üçünji lider Jastin Trýudo boldy

ABŞ-nyň Prezident Donald Tramp bilen duşuşan üçünji lider Jastin Trýudo boldy

672267
Donald Tramp bilen duşuşan üçünji lider Jastin Trýudo boldy

Kanadanyň Premýer ministri Jastin Trýudo we Tramp duşuşykdan soň metbugata beýannama berdi.

Liderler terrorçylyga garşy jebislik ýüzlenmesini berip, şol maksat ugrunda işleşmage dowam etjekdiklerini beýan etdiler.

Donald Tramp beren beýannamasynda özara söwda we ösüş üçin hyzmatdaşlyk ediljekdigini nygtady.

Trýudo bolsa duşuşyklaryň umuman netijeli geçendigini aýtdy.

Beýleki tarapdan iki ýurduň ähli ugurlar boýunça ylalaşmaýandygyny nygtan Trýudo, bu meseläniň döwletleriň arasyndaky özara sarpa goýmagyň esasynda çözülip bilinjekdigini aýtdy.

Trýudo, žurnalistlerin bosgunlar baradaky soragyna bolsa: “açyk gapylar” syýasatynyň dowam edýändigini we başga ýurtlaryň özlerini nusga almagyndan hoşal boljakdygyny beýan etmek bilen jogap berdi.

Kanadanyň Premýer ministri tankydy belligini çäklendirip; “Kanadalylaryň menden garaşýan soňky zady bu ýere gelip başga bir ýurda özlerini nähili dolandyrmagy saýlap alandyklary barada sapak bermegim” diýdi.

Donald Tramp bolsa bosgunlar we migrasiýa meselesindäki başlanjy bilen öwünip; “Nädogry adamlaryň içeri girmegine rugsat bermeris” diýdi.

 



Degişli Habarlar