Russiýanyň Altaý sebitinde dik uçar ýere gaçdy

Russiýanyň Altaý sebitinde bortynda 5 adam bolan Robinson R66 kysymly dik uçar ýere gaçdy

670809
Russiýanyň Altaý sebitinde dik uçar ýere gaçdy

Tass agentliginde berilen habara görä Altaý sebitiniň Teletskoýe kölüne gaçan dik uçarda Russiýanyň Altaý Respublikasynyň ozalky Wise-premýeri Anatoliý Bannyh bardy. 

Wakada näçe adamyň halas bolup-bolmandygy barada entek beýanat berilmedi.

Dik uçaryň gaçan ýerindäki gözleg we halas ediş işleri dowam edýär.

 



Degişli Habarlar