Hytaý serhedinde howpsyzlyk çärelerini artdyrýar

Hytaý serhet howpsyzlygyny artdyrmak maksady bilen ýurda giren daşary ýurtly raýatlardan barmaklarynyň yzyny alar

668941
Hytaý serhedinde howpsyzlyk çärelerini artdyrýar

Döwlet howpsyzlygy ministrligi 14-70 ýaş aralygyndaky ähli daşary ýurtlylardan gümrüklerde barmaklarynyň yzynyň alynjakdygyny habar berdi.

Ulgam şu günden başlap ýurduň günortasyndaky Şynjyn şäherindäki Bao’An howa menzilinde barlagdan geçirilmäge başlanar.

Resmi maglumatlara görä Hytaýa girýän daşary ýurtly raýatlaryň sany 2000-nji ýylda bäri her ýyl ortaça 10 göterim artýar.



Degişli Habarlar