Belgiýada terror guramasy DAIŞ-e garşy operasiýa geçirildi

Belgiýada DAIŞ-e garşy geçirilen operasiýada 11 adam göz tussaglygyna alyndy

668543
Belgiýada terror guramasy DAIŞ-e garşy operasiýa geçirildi

Belgiýanyň Federal prokuraturasyndan berilen beýanata görä göz tussaglygyna alynanlar paýtagt Brýusseliň tapawutly sebitlerindäki 9 aýry öýde geçirilen operasiýa arkaly saklandy.

Operasiýada ýarag ýa-da partlaýjy madda tapylmady.

Operasiýalaryň geçen ýyldaky Parižde we Brýusselde guralan hüjümler bilen arabaglanşygynyň bolmandygy, Siriýadan gaýdyp gelen daşary ýurtly söweşijiler bilen bagly geçirilen derňew işiniň çäginde ýerine ýetirilendigi mälim edildi.

22-nji martda guralan we 32 adamyň ýogalmagyna sebäpl bolan terrorçylykly hüjümlerden soň Belgiýada howpsyzlyk çäreleri artdyryldy.

Belgiýanyň Içeri işler ministrliginiň berýän hasabatyna görä Siriýada we Yrakda terror guramasy DAIŞ-iň hatarynda söweşýän we şol ýurtlara gitmegi meýilleşdirýän Belgiýanyň 600-dan gowrak raýaty bar.



Degişli Habarlar