Pakistanda 6,3 bal ululygynda ýer titremesi boldy

Pakistanyň günorta-günbatarynda 6,3 bal ululygynda ýer titremesi boldy

667607
Pakistanda 6,3 bal ululygynda ýer titremesi boldy

ABŞ-nyň Geologiýa ylmy-derňew merkezi tarapyndan berilen maglumatda şu gün irden bolan ýer titremäniň güýç merkeziniň Turbat şäheriniň 90 kilometr günortasy we deňiziň 10 kilometr aşagydygy habar berildi.

Pakistanyň resmileri tebigy heläkçilikde ýogalan ýa-da ýaralanan adamlaryň bolup-bolmandygy barada maglumat bermediler.

Ýer titremesi Pakistanyň Belujistan welaýatyndaky Gwadar, Pasni we Makran şäherlerinde hem duýuldy.



Degişli Habarlar