Donald Tramp NATO goldaw berýändiklerini nygtady

Tramp Florida ştatynyň Tempa şäherindäki Amerikan Merkezi güýçler serkerdeligine bardy

666730
Donald Tramp NATO goldaw berýändiklerini nygtady

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp NATO goldaw berýändiklerini nygtady we agza ýurtlardan bolsa maddy taýdan öz üstlerine düşýän jogapkärçiliklerini ýerine ýetirmeklerini isledi.

Tramp Florida ştatynyň Tempa şäherindäki Amerikan Merkezi güýçler serkerdeligine bardy.

Esgerler bilen günorta naharynda duşuşan Tramp, ýokary derejeli ofiserlere ýüzlenip çykyş etdi.

Ozalky çykyşlarynyň birinde NATO-ny modasy geçen gurama hökmünde häsiýetlendiren Tramp, soňky çykyşynda ýurdunyň NATO-nyň çäginde iş alyp barmaga dowam etjekdigini nygtady.

Tramp NATO agza ýurtlaryň esasy böleginiň goranyş taýdan öz üstüne düşýän jogapkärçiligini ýerine ýetirmeýändigini nygtady.

Hyzmatdaş güýçleriň terror guramasy DAİŞ-e garşy göreşi barada öwgüli sözler aýdan Tramp, terror guramasynyň ýurdy we hyzmatdaşlary tarapyndan ýok ediljekdigine doly ynanýandygyny belledi.

Amerikan ýaragly güýçleriniň harby enjam ýetmezçiliginiň bardygyny aýdan Tramp, goranyş pudagyna täze maýa goýumlaryň goýuljakdygyny ýatlatdy.

 



Degişli Habarlar