Saud Arabystanyna degişli fregata garşy hüjüm guraldy

Wakada 2 esger ýogaldy

662216
Saud Arabystanyna degişli fregata garşy hüjüm guraldy

Gyzyl deňizde Saud Arabystanyna degişli fregat gämisine Ýemeniň Hudeýde deňiz menziliniň golaýynda kamikaze hüjümi guraldy.

Wakada 2 esger ýogaldy, 3 esger ýaralandy.

Saud Arabystanynyň ýolbaşçylygyndaky hyzmatdaş güýçler tarapyndan berilen maglumatda Saud Arabystanynyň Harby flotyna degişli fregata Ýemeniň Hudeýde portynyň günbatarynda kamikaze hüjüminiň guralandygy habar berilýär.

Kamikze hüjüminiň Husilere degişli 3 gaýyk bilen guralandygy, gaýyklaryň biriniň fregatyň arka tarapynda ýangyna sebäp bolandygy, ýangynyň bolsa gysga wagtda söndürilendigi beýanatda mälim edilýär.



Degişli Habarlar