Braziliýada sary gyzdyrma keseli barha ýaýbaňlanýar
Braziliýanyň Saglygy goraýyş ministrligi soňky ýyllaryň iň uly sary gyzdyrma epidemiýasy sebäpli kesele garşy 11,5 million sanjym tabşyrygyny berdi
Sargyt edilen sanjymlaryň 5,5 milliony sary gyzdyrma keseline gabat gelinen ýurduň 5 ştatyna iberildi, galan 6 million bolsa iň gysga wagtda degişli ýerlere ýetirilmegi meýilleşdirilýär.
Ýanwar aýynyň başyndan bäri sary gyzdyrma epidemiýasy sebäpli ýogalan adamlaryň sanynynyň 47-ä ýeten we 300 adamyň saglyk gözegçiligi astynda bolan ýurduň Misan Gerias ştatynda gubarnatorlyk adatdan daşary ýagdaý yglan etdi.
Kelle we myşsa agyrysy, ýürek bulanma, ýokary temperatura, titremek we ýadawlyk sipmtomlaryny emele getirýän sary gyzdyrma keseli tiz wagtda bejergi edilmese syrkawyň 1 hepdäniň dowamynda ýogalmagyna sebäp bolup bilýär.
Degişli Habarlar
Nigeriýada Zamun Alynan 64 Çaga Bilen Zenan Boşadyldy
Harby goşun ýaragly başbozarlara garşy geçirýän operasiýasyny dowam etdirýär
Russiýa, Ermenistandaky Ilçisini Yzyna Çagyrdy
Degişli kararyň näme sebäpli kabul edilendigi barada bolsa maglumat berilmedi.