Kosowa bilen Serbiýanyň arasyndaky dialog etaby dowam edýär

Serbiýadan 2008-nji ýylda garaşsyzlygyny yglan eden Kosowanyň arasynda soňky gezek ýüze çykan otly krizisinden soň taraplar ilkinji gezek duşuşdy

658542
Kosowa bilen Serbiýanyň arasyndaky dialog etaby dowam edýär

Dialog etabynyň çäginde Kosowanyň Prezidenti Haşim Taçy, Premýer ministri Isa Mustafa, Serbiýanyň Prezidenti Tomislaw Nikoliç we Premýer ministri Aleksandar Wujiç bilen ÝB-niň Daşary gatnaşyklardan we howpsyzlykdan jogapkär ýokary wekili Federika Mogerini ÝB-niň töwellaçylygynda Belgiýanyň paýtagty Brýusselde duşuşdy.

Mogerini Kosowaly we Serbiýaly toparlar bilen aýry aýry duşuşandan soň dialog etabynyň dowam etdirilmegi barada ylalaşyk gazanylandygyny belledi.

Federika Mogerini iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň kadalaşmagynyň ÝB we Günbatar Balkanlar taýdan möhümdigini belledi.

 



Degişli Habarlar