Russiýa Siriýada DAİŞ-e degişli ýerleri bombalady

Bu barasynda Russiýanyň Goranmak ministrligi habar berdi

657496
Russiýa Siriýada DAİŞ-e degişli ýerleri bombalady

Russiýanyň Goranmak ministrligi Russiýada bazasyndan uçan 6 sany Tu-22 kysymly bombardyman uçarynyň Siriýanyň Deýrez Zor şäherindäki DAİŞ-e degişli ýerleri bombalandygyny habar berdi.

Ministrlikden berilen baýannamada; “23-nji ýanwarda Russiýadaky bazasyndan uçan we Yrak bilen Eýranyň howa giňişliginden geçen Tu-22 kysymly uçarlar Deýrez Zor şäherinde iş alyp barýan DAİŞ-e degişli dolanşyk ýerleri bilen ýarag we ok-däri ammaryny bombalady” diýilýar.

Ähli nyşanalaryň üstünlik bilen hatardan çykarylandygyny mälim eden ministrlik, obýektiw gözegçilik serişdeleri arkaly kesgitlenen nyşanalaryň ýok edilendigi tassyklanandygyny habar berdi.

Su-30 we Su-35 harby uçarlarynyn Tu-22 bombardyman uçarlaryna ýoldaşlyk edip, howpsyzlygy üpjün edendigini habar beren ministrlik, rus uçarlarynyn Siriýadaky işlerini tamamlandan son Russiýadaky bazasyna dolanyp barandygyny mälim etdi.

Emma bu howa operasiýalary terror guramasy DAİŞ-iň önüne böwet basmaga ýetmedi.

Şäher merkezi bilen howa menziliniň arasyndaky gatnaşyk kesildi, Deýrez Zorda bolsa 90 müňden gowrak asuda ilat azyk hem-de agyz suwy kynçylygyny çekýär.

Damaskyň Gündogar Guta we Jobar etraplary bilen Hamanyň we halabyň etraplarynda ylalaşygy bozmalar dowam edýär.



Degişli Habarlar