“Ýewropa terror hüjümlerine sezewar bolup biler”

Germaniýanyň içerki howpsyzlyk gullugy KOnstitutsiýany goraýyş guramasynyň başlygy Hans-Jorj Maassen Ýewropanyň täze terror hüjümlerine sezewar bolu biljekdigini duýdurdy

655875
“Ýewropa terror hüjümlerine sezewar bolup biler”

Maassen Daşary ýurtly žurnalistler jemgyýetiniň agzalary bilen duşuşan çaresinde gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary barada beýannama berdi.

Paýtagt Berlinde täze ýyl bazaryna guralan we 12 adamyň ýogalmagyna sebäp bolan hüjüm baradaky soraglara jogap beren Maassen, Germaniýanyň terror guramasy DAİŞ-iň nyşanasyndadygyna göz ýetirýändiklerini aýtdy.

Geçen ýyl Ýewropada 15, Germaniýada bolsa 5 sany terror hüjüminiň guralandygyny gürrüň beren Maassen; “Ýewropa Germaniýa bilen birlikde täze hüjümlere sezewar bolup biler” diýdi.

Hans-Jorj Maassen daşary ýurtlardan gelen toparlaryň hüjüm guraýan döwrüniň yzda galandygyny, iňňän çylşyrymly ssenarileriň bardygyny beýan edip; “Bu entek gutarmady. Ýewropada Germaniýa bilen birlikde täze hüjümleriň guralmagy ähtimallygyny ünsden düşürmäliň” diýdi.



Degişli Habarlar