ABŞ Astana gepleşiklerine resmi taýdan çagyryldy

Eýran bolsa ABŞ-nyň Astana gepleşiklerine gatnaşmagyny islemeýär

655045
ABŞ Astana gepleşiklerine resmi taýdan çagyryldy

Russiýa Eýranyň nägileligine garamazdan ABŞ-ny 23-nji ýanwarda Gazagystanyň paýtagty Astanada geçiriljek Siriýa gepleşiklerine resmi taýdan çagyrdy.

Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow Astanada geçiriljek taryhy Siriýa gepleşikleri üçin ABŞ-na şu gün çakylyk ugradandyklaryny aýtdy.

Eýran bolsa ABŞ-nyň Astana gepleşiklerine gatnaşmagyny islemeýär.

Türkiýe bilen Russiýanyň öňbaşçylyk etmeginde 30-njy dekabrda Siriýada hüjümler bes edilipdi.

Astana maslahaty hem etapdaky ikinji ädim hökmünde häsiýetlendirilýär.

Siriýaly oppozisionerleriň wekilleri bilen Siriýanyň hökümetiniň wekilleri maslahata gatnaşjakdyklaryny mälim edipdi.

 



Degişli Habarlar