Hyzmatdaş güýçler Al Babyň golaýynda howa hüjümine başlady

Bu barasynda polkownik Dorrian habar berdi

653688
Hyzmatdaş güýçler Al Babyň golaýynda howa hüjümine başlady

ABŞ-nyň öňbaşçylyk etmeginde DAİŞ-e garşy döredilen hyzmatdaşlygyň metbugat sekretary Jon Dorrian hyzmatdaşlygyň Siriýanyň Al Bab etrabynyň golaýynda Türkiýä goldaw üçin barlag uçuşlaryna we howa hüjümine başlandygyny aýtdy

Polkownik Jon Dorrian Yragyň paýtagty Bagdatdan ABŞ-nyň Goranmak ministrliginde geçirilen metbugat ýygnagynda telekonferensiýa arkaly soraglara jogap berdi.

Hyzmatdaşlygyň Siriýada Türkiýe bilen hündelik utgaşyklygy we gepleşikleri dowam etdirýändigini aýdan Dorrian; “Soňky günlerde Türkiýä we Ab Bababyň golaýyňda goldaýan güýçlerine goldaw maksatly birnäçe barlag uçuşyny amala aşyrdyk. Al Bababyň golaýyndaky pozisiýalara howa hüjümlerini guramaga başladyk. Şol hüjümler şäheriň golaýyndaky duşman güýçleriniň alynky liniýasyna ýakyn bölegini ýok etdi” diýdi.

Polkownik Dorrian hyzmatdaşlygyň DAİŞ-e garşy Türkiýe bilen mümkin gadar güýçli hyzmatdaşlyk etmäge, türk we amerikaly harby ýolbaşçylaryň umumy merkezden utgaşyklygy dowam etjekdigini aýtdy.



Degişli Habarlar