Müsüriň Ýokary dolanşyk kaziýety adalaryň Saud Arabystanyna berilmegini kabul etmedi

Müsüriň Ýokary dolanşyk kaziýety Gyzyl deňizdäki Sanafir we Tiran adalarynyň Saud Arabystanyna berilmegini kabul etmedi

652911
Müsüriň Ýokary dolanşyk kaziýety adalaryň Saud Arabystanyna berilmegini kabul etmedi

Kaziýet Sanafir we Tiran adalarynyň Müsüre degişlidigini we hökümetiň munyň tersini subut etjek resminama hödürläp bilmändigini mälim etdi.

Kaziýet, aşakky kaziýetiň kabul eden “adalaryň Saud Arabystanyna berilmezligi kararynyň” dogrydygyny nygtady.

Müsüriň Prezidenti Sisiniň karar meselesinde Ýokary kaziýete ýüz tutmagyna garaşylýar.

Adalaryň Saud Arabystanyna berilmegi hakyndaky kanun taslamasy Müsürüň parlamenti tarapyndan tassyklanylmaly.

Sisi geçen ýyl adalaryň Saud Arabystanyna berilmegi üçin Saud Arabystany bilen şertnama baglaşypdy.

Emma Siriýa sebäpli Riýat bilen Kairiň arasyndaky gatnaşyklar bozuldy. Saud Arabystany 1-nji oktýabrda Müsüre nebitiň akdyrylmagyny saklady.

Saud Arabystany bolsa adalaryň özüne degişlidigini 1950-njy ýylda goralmagy üçin Müsüre wagtlaýyn berendigini öňe sürýär.

 

 

 



Degişli Habarlar