"Donald Trampyň topary Siriýa gepleşiklerine çagyrylmady"

Peskow Trampyň wekilleriniň Astana gepleşiklerine çagyrlyp çagyrylmandygy hakyndaky soraga “Ýok çagyrylmadylar” diýip jogap berdi

652343
"Donald Trampyň topary Siriýa gepleşiklerine  çagyrylmady"

Kremliň metbugat geňeşçisi Dmitriý Peskow Gazagystanyň paýtagty Astanada geçirilmegi meýilleşdirilýän Siriýa gepleşiklerine ABŞ-nyň prezidentlige saýlanan Donald Trampyň toparynyň çagyrylmandygyny aýtdy.

Rus metbugatyna beýanat beren Peskow, “Astana gepleşikleri üçin taýarlyklar dowam edýär. Bu diýseň kyn etap. Astananyň Ženewadan tapawutlydygyny ýatdan çykarmalyň. Bu etapda garaýyş beýan etmek üçin heniz ir” diýdi.

Peskow Trampyň wekilleriniň Astana gepleşiklerine çagyrlyp çagyrylmandygy hakyndaky soraga “Ýok çagyrylmadylar” diýip jogap berdi.

Peskow Doland Trampyň kasam edişlik dabarasyndan birnäçe hepde soň Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin bilen Izlandiýada duşuşjakdygy hakyndaky habarlaryň nädogrydygyny belledi.

 



Degişli Habarlar