ÝB Türkiýedäki bosgun çagalar üçin 20 million ýewrolyk maliýe kömegini berer

ÝB Türkiýedäki siriýaly bosgun çagalar üçin 20 million ýewrolyk maliýe kömeginiň berilmegini tassyklady

650610
ÝB Türkiýedäki  bosgun çagalar üçin 20 million ýewrolyk maliýe kömegini berer

ÝB-niň Belgiýanyň paýtagty Brýusselde geçirlen maslahatynda Bileleşigiň Türkiýedäki siriýaly bosgun çagalar üçin söz beren maliýe kömegi meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ýewropa Bileleşigi Komissiýasy maslahatdan soň beren beýanatynda Türkiýedäki siriýaly bosgun çagalaryň bilim mümkinçiligine goşant goşmak maksady biken mekdebiň gurulmagy, enjam alynmagy we ynsanperwer kömegi üçin 200 million ýewrolyk maliýe kömeginiň berilmeginiň tassyklanylandygyny we şertnama baglaşylandygyny mälim etdi.

ÝB 2015-nji ýylyň 29-njy noýabrynda geçirlen Türkiýe-ÝB maslahatynda Türkiýedäki siriýaly bosgunlar üçin 2017-nji ýylyň ahyryna çenli 3 milliard ýewrolyk kömek bermegi söz beripdi.



Degişli Habarlar