Rus hökümeti S-400 raketa ulgamlaryny Moskwanyň golaýyna ýerleşdirdi

Russiýanyň Goranmak ministrligi howa goranyşyny güýçlendirmek maksady bilen ýurduň paýtagty Moskwanyň golaýyna S-400 raketa ulgamlarynyň ýerleşdirilendigini mälim etdi

649182
Rus hökümeti S-400 raketa ulgamlaryny Moskwanyň golaýyna ýerleşdirdi

Ministrlik tarapyndan berilen beýanatda Moskwanyň we merkezi senagat zolagynyň howa goranyşyny güýçlendirmek maksady bilen S-400 Triumf howa goranyş raketa ulgamlarynyň paýtagtyň golaýyna ýerleşdirilendigi we ulgamyň işlemäge başlandygy bellendi.

Beýanatda ulgamyň 400 km uzaklyga ýetip bilýändigi we Moskwa bilen birlikde 12 zolagyň howa goranyşynda täsirli boljakdygy mälim edildi.

Ministrlik şu ýylyň ahyryna çenli goşuna 4 sany S-400 ulgamyň beriljekdigini habar berdi.



Degişli Habarlar