Owganystanyň paýtagty Kabulda 2 aýry hüjüm guraldy

Owganystanyň paýtagty Kabul şäherinde yzly-yzyna bolan 2 aýry hüjümde ilkinji kesgitlemelere görä 20 adam ýogaldy

648459
Owganystanyň paýtagty Kabulda 2 aýry hüjüm guraldy

Fransiýanyň AFP habarlar gullugyna maglumat beren resmiler hüjümde şeýle hem 45 adamyň ýaralanandygyny mälim etdiler.

Resmiler iki hüjümçiniň ilkinjiçisiniň üstündäki bombany Kabuldaky mejlis binasynyň golaýynda partladandygyny habar berdiler.

Ikinji hüjüm bolsa ilkinji hüjümde ýaralananlara kömek beren adamlaryň üýşen mahaly guraldy.

Hüjümiň jogapkärçiliginiň Taliban öz üstüne aldy.

Owganystanyň saglygy goraýyş ministrliginden berilen ilkinji beýanatda hüjümde azyndan 40 adamyň ýaralanandygy bellenipdi.



Degişli Habarlar