Rus diplomatlar Amerikadan gaýtdy

ABŞ tarapyndan “islenmeýän adam” hökmünde yglan edilen 35 rus diplomat maşgalalary bilen birlikde ýörite uçar bilen Waşingtondan gaýtdy

642029
Rus diplomatlar Amerikadan gaýtdy

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin ABŞ-nyň bu hereketine täze Prezident Donald Tramp wezipesine başlaýança jogap berjekdiklerini mälim etdi.

Russiýany Amerikada geçirlen saýlawlara kiber hüjüm arkaly goşulmak bilen aýyplan Obama hökümeti, Russiýa degişli ABŞ-daky 2 desgany hem ýapdy.

Tramp döwründe Ak Tamyň metbugat geňeşçisi wezipesini ýerine ýetirjek Şan Spaysyr Russiýa garşy deňagramly hereket edilmeýändigini aýtdy.

Tramp Hillary Klinton bilen birlikde demokrat partiýalylaryň elektronik poçtalarynyň ele geçirilmeginde Russiýanyň rolynyň bolup bolmandygy hakynda sişenbe ýada çarşenbe güni beýanat berjekdigini aýtdy.

 



Degişli Habarlar