"Palestina Ysraýyl bilen parahatçylyk gepleşiklerine ýaňadandan başlamaga taýar"

“Ysraýyl ýuhudi ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyny saklan halatynda parahatçylyk gepleşiklerine ýaňadandan başlamaga taýardyrys”

639959
"Palestina Ysraýyl bilen parahatçylyk gepleşiklerine ýaňadandan başlamaga taýar"

Palestinanyň Prezidenti Mahmud Abbas ABŞ-nyň Döwlet sekretary Jon Kerriniň Ysraýyl-Palestina meselesiniň çözülmegi hakyndaky teklibi barada durup geçdi we Palestinanyň Ysraýyl bilen parahatçylyk gepleşiklerini ýaňadandan başlatmaga taýardygyny aýtdy.

Mahmud Abbas mesele hakynda beren ýazmaça beýanatynda “Ysraýyl ýuhudi ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyny saklan we baglaşylan şertnamalara laýyklykda hereket eden halatynda parahatçylyk gepleşiklerine ýaňadandan başlamaga taýardyrys” diýdi.

Abbas parahatçylyk etabynyň başladylmagyny göz öňünde tutýan halkara konferensiýanyň geçirilmegi üçin Palestina bilen Fransiýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň dowam edýändigini ýatlatdy.

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Kerri beýanatynda iki döwletli çözgüdiň Ysraýyl bilen Palestinanyň arasynda adalatly we yzygiderli parahatçylygyň üpjün edilmeginiň ýeke-täk ýoludygyna ünsi çekip, “BMG-da geçirlen sese goýulşyk, iki döwletli çözgüdiň goralmagy bilen arabaglanşyklydy we biz hem şol sebäpli goldaw berdik” diýipdi.

 

 



Degişli Habarlar