Halabyň günbatary bombalanmaga başlandy

Asada tabynlykdaky güýçleriň Halabyň gündogaryndaky öýleri talamaga başlandygy hem öňe sürülýär

639235
Halabyň günbatary bombalanmaga başlandy

Siriýanyň demirgazygyndaky Deýr ez Zur şäheriniň Al Suwar etrapçasynda bir oba guralan howa hüjüminde 23 adam ýogaldy.

Etrapçanyň meýletinlerinden Ahmed Hasan rus goşunyna degişli harby uçaryň Al İhrijiýýe obasyny bombalandygyny aýtdy.

Ahmed Hasan hüjümde zenanlar we çagalar bilen birlikde 23 adamyň ýogalandygyny, onlarça adamyň hem ýaralanandygyny nygtady.

Beýleki tarapdan Halabyň günbatary bombalanmaga başlandy.

Halabyň gündogaryndan asuda ilatyň göçürilmeginden soň rus uçarlarynyň we Asada tabynlykdaky güýçleriň Halabyň günbataryny bombalamaga başlandygy habar berildi.

Asada tabynlykdaky güýçleriň Halabyň gündogaryndaky öýleri talamaga başlandygy hem öňe sürülýär.

 



Degişli Habarlar