Putin ýylyň jemleýji metbugat ýygnagyny geçirdi

Putin rus uçarynyň Türkiýe-Russiýa gatnaşyklarynyň bozulmagy maksady bilen urlup düşürilendigi pikirine ynanmaga başlandygyny aýtdy

636563
Putin ýylyň jemleýji metbugat ýygnagyny geçirdi

Putin ilçiniň janyna kast edilmeginiň Türkiýe bilen gatnaşyklara zeper ýetirmejekdigini aýtdy.

Putin her ýyl geçirýän adaty metbugat ýygnagynda žurnalistleriň soraglaryna jogap berdi.

Russiýanyň Türkiýedäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Andreý Karlowyň janyna kast edilmegi bilen bagly soraga jogap beren Putin: “Golaýda bir tragediýa başdan geçirildi. Onuň Türkiýe bilen Russiýanyň arasyndaky gatnaşyklara zyýan ýetirmek üçin guralandygyny pikir edýärin. Eýsem ol, gatnaşyklara täsir ýetirermi? Ýok. Türkiýe bilen gatnaşyklary ösdürmek üçin has köp tagalla ederis. Gatnaşyklarymyzda bolan durgunlykdan soň has-da öňe gitmek üçin amatly şertleri tapylmagyň hötdesinden geldik” diýdi.

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin Halapda asuda ilatyň göçürilmegi barada bolsa, asuda ilatyň göçürilmeginin Türkiýesiz mümkin bolmajakdygyny aýtdy.

Putin: “Türkiýäniň we Eýranyň liderleri halaplylaryň halas edilmeginde berk pozisiýa eýelediler. Nobatdaky tapgyr ýurt boýunça hüjümleriň bes edilmegi. Syýasy dialoglar dowam etmeli” diýdi.

Wladimir Putin: Rus uçarynyň urlup düşürilmeginden soň şol görkezmäni berenleriň maksadynyň türk-rus gatnaşyklaryny bozmak bolanlygy baradaky garaýyşlara şübheli garaýardym. İndi pikirimi üýtgetdim we şol garaýyşa ynanmaga başladyp. Rus uçarynyň urlup düşürilmeginiň aňyrsynda türk liderleriniň bardygy dogursyndaky pikirimi üýtgetdim” diýdi.



Degişli Habarlar