Türk-Amerikan gatnaşyklarynda rekord

Amerikan Kongresindäki Türk-Amerikan dostluk toparynyň agza sany 159-dan geçdi

631329
Türk-Amerikan gatnaşyklarynda rekord

Kongresiň 114-nji topary Donald Trampyň iş başyna gelmegine birnäçe wagt galanda rekord goýdy

Lobbiçilik işlerinde uly ähmiýete eýe bolan şeýle toparlarda türk topary hem esasy toparlardan birine öwrüldi.

Kongresiň 155 agzasy bilen birlikde 4 senator Türk dostluk toparyna agza.

Agzalaryň hatarynda Respublikaçy partiýanyň belli senatory Lindseý Grehem hem bar.

Türkiýe bilen ABŞ-nyň arasyndaky dostlugy we gatnaşyklary ösdürmegi maksat edinýän toparyň agzalarynyň saýlanan ştatlarynda köp sanly türk saýlawçysy ýaşaýar.

Türk-Amerikan gatnaşyklarynyň köp sanly ugurda ynjyklygy göz öňünde tutulanda Türk-Amerikan dostluk toparynyň eýeleýän ähmiýeti hasam artýar.



Degişli Habarlar