Wladimir Putin Ýaponiýada saparda bolýar

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin resmi sapar bilen Ýaponiýa bardy

631248
Wladimir Putin Ýaponiýada saparda bolýar

Putin Ýaponiýanyň Premýer ministri Şinzo Abe bilen şypaly suwlary bilen at gazanan Nagato şäherinde duşuşdy.

Russiýanyň 2014-nji ýylda Krym ýarymadasyny basyp alanyndan soň G7 agza bir ýurda ilkinji gezek sapar guraýan Putin 2 gün dowam etjek saparynda 70 ýyl bäri çözgüt tapylmaýan Kuril adalary bilen bagly gepleşikler geçirer.

Adalardaky düşünişmezçilik sebäpli Russiýa we Ýaponiýa Ikinji Dünýä söweşini tamamlan şertnama entek gol çekmediler.

Gün tertibiniň başga bir maddasy bolsa ikitaraplaýyn ykdysady taslamalar bolar.

Ýaponiýa Russiýa garşy ykdysady sanksiýa girizen G7-ä agza ýurtlaryň hatarynda durýar.



Degişli Habarlar