ABŞ terror guramasy PÝD-e ýarag kömegini bermegini dowam etdirýär

Amerikanyň Birleşen Ştatlary aýralykçy terror guramasy PKK-nyň Siriýadaky goly bolan PÝD-e ýarag kömegini bermegini häzirki wagtda hem dowam etdirýär

631111
ABŞ terror guramasy PÝD-e ýarag kömegini bermegini dowam etdirýär

Terror guramasy PKK-nyň Siriýadaky goly bolan PÝD ABŞ-dan ýarag kömegini almagyny dowam etdirýär.

Gurama berýän goldawynyň yzyny üzmeýän ABŞ düýn bolsa köp mukdarda ýarag we ok-däri iberdi.

ABŞ-na degişli ýük dik uçarlary Aýnel Arapyň günortasyna ýarag we ok-däri eltdi.

PÝD soňky 1 aýyň dowamynda 13 gezek ýarag we ok-däri iberen ABŞ düýn bolsa köp mukdarda granatomýot, taňka garşy ýarag we tüpeň berdi.

Ýewfradyň gazaby ady bilen başladylan Rakka operasiýasyny bahana edilip PKK berilen ýaraglar Set Tişriniň üsti bilen Al Bab sebitine iberilýär.

Terror guramasy PÝD Münbiç-Al Bab liniýasynda Türkiýäniň Ýaragly güýçlerine we Azat Siriýa goşunyna garşy hüjüm guramak üçin uly taýarlyk görýändigi habar berilýär.


Etiketkalar: #PKK , #PÝD , #ABŞ , #ýarag , #ok , #däri , #taňk , #Al Bab , #Set Tişrin

Degişli Habarlar