ÝB Türkiýe bilen agzalyk gepleşikleriniň dowam etmegini isleýär

ÝB-niň Umumy işler geňeşi Brýusselde Türkiýe bilen agzalyk gepleşikleriniň geljegi barada maslahat geçirdi

630172
ÝB Türkiýe bilen agzalyk gepleşikleriniň dowam etmegini isleýär

Bileleşigiň 27 agzasynyň tassyklamagy boýunça Türkiýe bilen gepleşikleriň bolşy ýaly dowam etmegi baradaky tekst döwürleýin ýolbaşçylygyň beýannamasy hökmünde kabul edildi.

Tekstde täze barlag-seljeriş ugurlarynyň açylmagy boýunça Türkiýäniň görýän taýarlyklarynyň bellige alynandygy nygtalýar.

Türkiýäniň dürli ugurlarda, esasanda ykdysadyýetde ÝB-niň düzgünlerine ýokary derejede utgaşyklygy ýola goýandygyna üns çekilýän tekstde, ÝB-niň Türkiýedäki Fetullahçy terror guramasy-Parallel döwlet ulgamynyň 15-nji sentýabrdaky agdarlyşyk synanşygyny ýazgarýandygy we Türkiýäniň demokratik guramalaryna goldaw berýändigi ýene-de bir gezek beýan edilýär.

Geňeş Türkiýäniň terror guramasy DAİŞ-e garşy göreşde halkara hyzmatdaşlygynyň esasy agzalaryndan biridigi hem nygtalýar.

Geňeşiň ýolbaşçylary Türkiýede başdan geçirilýän ähli terror hüjümlerini we çaknyşyklary ýazgarýandyklaryny we türk halkyny goldaýandyklaryny beýan etdi.

Tekstde ÝB tarapyndan terror guramasy hökmünde ykrar edilen PKK garşy aksiýalaryň legallydygy nygtalýar.

Beýleki tarapdan Wengriýanyn Daşary işler ministr Petr Siýarto ÝB-niň howpsyzlygynyň Türkiýäniň durnuklylygyna baglydygyny, şol sebäpli hakykata bap gelmeýän başlangyçlardan çetde durulmalydygyny aýtdy.

Bileleşigiň Türkiýe bilen gatnaşyklarynda ünsli çemeleşmelidigini nygtan Siýarto, Türkiýe bilen Bileleşigiň arasynda mart aýynda gazanylan Bosgunlaryň yzyna kabul edilmegi baradaky ylalaşyga ünsi çekip, Türkiýäniň durnuklylygyna zeper ýetirjek  her bir wakanyň kontinent üçin hem zyýanly boljakdygyny nygtady.

NATO agza bolan Türkiýäniň terrorçylyga garşy göreşde Ýewropa bilen düýpli hyzmatdaşlyk edýändigini aýdan wenger ministr: “Bileleşigiň Türkiýe bilen gatnaşyklarynyň dowam etmegi möhüm. Türkiýä we türk halkyna sarpa goýulmaly. Ýewropa üçin howply bolan duýguly kararlardan çetde durulmaly” diýdi.



Degişli Habarlar