Terror hüjüminden soň ÝP-ne çagyryş edildi

Öňňin Stambulda guralan hyýanatçylykly terror hüjüminden soň Ýewropa Parlamentine möhüm çagyryş edildi

628312
Terror hüjüminden soň ÝP-ne çagyryş edildi

Gynandyryjy hüjüme sosial media arkaly reaksiýa görkezen ÝP-niň çeh agzasy Tomas Zdeçowski terror guramasy PKK-nyň ÝP-däki işleriniň gadagan edilmegini isledi.

Çdeçowski PKK-nyň ÝB-niň terror sanawyna degişlidigine ünsi çekip: “İndi terrorçylara tolerant görkezilmesin. PKK-ny we DAİŞ-iň öňüni alyň, ÝP-de gadagan ediň” diýdi.

Türk hökümetine garşy ýarag bilen göreşmegiň asla netije bermejekdigini nygtan Zdeçowski ekstremist terror guramaso PKK-nyň ÝP-däki işleriniň gadagan edilmegi barada: “Gadagan edilmegi barada çagyryş etdim. Sebäbi PKK ÝB-niň terror sanawynda. Hiç ony sanawdan çykarmady” diýdi.

Tomas Zdeçowski özüniň katokikdigini nygtap: “Stambulda pida bolanlar bolsa musulman. Emma ählimiz bir. Bu taýda dini ynanjyň ähmiýeti ýok. Terrory asla goldamarys” diýdi.

Çeh syýasatynyň ýüzlenmesi Daşary işler ministrinde we türk sosial media ulanyjylarynda uly kanagatlanma döretdi.

Çawuşogly ýüzlenmesinde: “Sagbol Tomas, ÝB-niň düzümlerinde we agza ýurtlarynda görkek isleýänimiz ine şu çemeleşme” diýdi.

“Terrory asla goldamarys” diýen Zdeçowski: “Asuda ilaty nyşana alan Stambuldaky hüjümiň Pariždäki we Brýusseldäki žüjümlerden tapawudy ýok. terrorizm asla maksadyna ýetmez” diýdi.

Türk sosial media ulanyjylary bolsa Zdeçowskä arkalaşykly çemeleşmesi we beren ýüzlenmesi üçin sagbolsun aýtdy.



Degişli Habarlar