Kartyr Mesut Barzani bilen duşuşdy

Kartyr ýurdunyň peşmergelere maliýe we logistiki taýdan goldaw bermäge dowam etjekdigini nygtady

628503
Kartyr Mesut Barzani bilen duşuşdy

ABŞ-nyň Goranmak ministri Eştyn Kartyr Yragyň Kürt Awtanomiýasynyň başlygy Mesut Barzani bilen duşuşdy.

Metbugata ýapyk ýagdaýda geçen duşuşykda Mosulyň terror guramasy DAIŞ-den saplanmagy üçin guralýan operasiýa we Siriýada DAIŞ-e garşy alnyp barylýan göreş meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Sapar hakynda berlen beýanatda Kartyryň DAIŞ-e garşy göreşe berýän goldawy sebäpli Mesut Barzana we peşmerge güýçlerine minnetdarlyk bildirendigi nygtaldy.

ABŞ-nyň Goranmak ministriniň ýurdunyň peşmergelere maliýe we logistiki taýdan goldaw bermäge dowam etjekdigine aýratyn ünsi çekendigi bellenildi.

Kartyr Yraga guran iş saparynyň çäginde ilki paýtagt Bagdatda Yragyň Premýer ministri Abadi bilen duşuşypdy.

 

 

 



Degişli Habarlar