Yrakda guralan howa hüjüminde 100-den gowrak adam ýogaldy

Hüjüm hakynda derňew işiniň gozgalmagy üçin çagyryş berildi

626167
Yrakda guralan howa hüjüminde 100-den gowrak adam ýogaldy

Yragyň ýaragly güýçlerine degişli harby uçarlaryň terror guramasy DAIŞ-iň gözegçiligi astyndaky Al Kaim etrapçasyna guran howa hüjüminde 100-den gowrak adam ýogaldy.

Anbar welaýatynyň Al Kaim etrapçasynda bazar ýerini nyşana alan hüjümde 100-den gowrak adamyň ýogalandygy, ýüzlerçe adamyň hem ýaralanandygy nygtaldy.

Hüjüm hakynda derňew işiniň gozgalmagy üçin çagyryş berildi.

Terror guramasy DAIŞ Yragyň günbatarynda ýerleşýän Anbar welaýatynyň Al Kaim etrapşasyny 2014-nji ýylyň iýun aýynda basyp alypdy.

Mosulyň DAIŞ-den yzyna alynmagy üçin 17-nji oktýabrda başladylan operasiýalar şäheriň käbir etrapçalarynda dowam edýär.

Operasiýa ABŞ-nyň ýolbaşçylyk etmegindäki halkara hyzmatdaş güýçleri hem howadan goldaw berýär.

Hyzmatdaş güýçleri 2014-nji ýylyň awgust aýyndan bäri DAIŞ-e garşy howa hüjümini guraýar.

 



Degişli Habarlar