"BMG siriýalylary halas etmek ýaly niýetleriniň ýokdygyny açyk aýdyň görkezdi”

Çaknyşyklaryň 7 gün möhlet bilen bes edilmegini göz öňünde tutýan karar taslamasy kabul edilmedi

624380
"BMG siriýalylary halas etmek ýaly niýetleriniň ýokdygyny açyk aýdyň görkezdi”

BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşinde Siriýanyň Halap şäherine ynsanperwer kömeginiň ýetirilmegi üçin çaknyşyklaryň 7 gün möhlet bilen bes edilmegini göz öňünde tutýan karar taslamasy kabul edilmedi.

Asada tabynlykdaky güýçleriň we Russiýanyň Halapda guraýan howa hüjümlerinda asuda ilatdan köp sanly adamyň ýogalmagy we BMG-nyň Halaby “Azyksyz şäher” hökmünde yglan etmegi sebäpli İspaniýa, Müsür we Täze Zelandiýa tarapyndan taýarlanan karar karar taslamasy Howpsyzlyk geňeşinde sese goýuldy.

Taslama 11 ýurt kabul sesini berdi.

Russiýa bilen Hytaý bolsa garşy ses berdi.

Angola bolsa ses bermekden saklandy.

Russiýa 2011-nji ýyldan bäri 6-njy, Hytaý bolsa 5-nji gezek Siriýa taslamasyny weto etdi.

15 agzaly Howpsyzlyk geňeşinde taslamanyň kabul edilmegi üçin 9 ýurt “kabul “ sesini bermeli we howpsyzlyk geňeşiniň hemişelik agzalary ABŞ, Russiýa, Hytaý, Britaniýa we Fransiýa “garşy” ses bermeli däl.

Siriýanyň Milli koalisiýasynyň BMG-nyň ýanyndaky hemişelik wekili Nejbir Ghadbian sese goýulşykdan soň beren ýazmaça beýanatynda “BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşi siriýalylary halas etmek ýaly niýetleriniň ýokdygyny açyk aýdyň görkezdi” diýdi.

 



Degişli Habarlar