Idlibde Asada bagly güýçleriň howa hüjümleri dowam edýär

Hüjümden soň ýüze çykan ýangyn kynçylyk bilen söndürildi

623375
Idlibde Asada bagly güýçleriň howa hüjümleri dowam edýär

Siriýada Asada tabynlykdaky güýçleriň Idlibiň Kafr Nabl etrapçasyndaky bazara guran howa hüjümlerinde 12 adam ýogaldy, 23 adam ýaralandy.

Ýaralanan adamlar golaýdaky göçme hassahanada bejergi astyna alyndy, ýaralanan adamlaryň käbirleriniň ýagdaýlarynyň agyrdygy habar berildi.

Howa hüjümlerinde şeýle hem köp sanda öý we iş ýerlerine, ulaglara zeper ýetdi.

Hüjümden soň ýüze çykan ýangyn kynçylyk bilen söndürildi.



Degişli Habarlar