ABŞ-daky musulmanlar howp astynda bolup biler

ABŞ-daky musulmanlara garşy ýazylan ýazgylar metjitlere iberilmäge dowam etdirilýär

621269
ABŞ-daky musulmanlar howp astynda bolup biler

Kaliforniýadaky käbir metjitlere iberilen meňzeş ýazgyly hatlar, beýleki ştatlarda ýerleşýän metjitlere hem iberilýär.

Hatlarda musulmanlara ýurdy terk etmekleri, terk etmedik halatlarynda bolsa gyrgyna beriljekdikleri barada ýazgylar ýazylan.

Polisiýa gullugy "Şeýtanyň çagalary" ady bilen iberilýän hatlar bilen baglanşykly derňew işini başlatdy.

Polisiýa gullugy hatlaryň göwne degýän sözleri jemleýändigini emma, günä däldigini, sebäbi hatyň howp abandyrmaýandygyny belledi.

Beýleki tarapdan bolsa kserakopiýa bilen köpeldilern hatlarda musulmanlara garşy sözler bilen birlikde: “Donald Tramp Gitleriň jöhitlere (ýewreý) edenini musulmanlara garşy eder” diýip ýazgy bar.

Amerikan Yslam gatnaşyklary geňeşi wakanyň Federal derňew gullugy (FBI) tarapyndan derňelmegini talap edýän hem bolsa, Federal derňew gullugynyň resmileri kazyýet işiniň gozgalmagy üçin ýeterlik derejede howpyň ýokdugyny belleýärler.



Degişli Habarlar